Biz barada

Resim hususy kärhanasy ýelimli lentalaryň dürli görnüşlerini öndürýär. 20 görnüşden gowyrak önümleri halk köpçüligine hödürleýän kärhanamyz 2020 - nji ýyldan bäri müşderileriň söýgüsine mynasyp bolup gelýär. Ýokary hilli önümlerimiziň netijesinde ýurdumyzyň onlarça öňde baryjy kärhanalary bilen hyzmatdaşlygymyzyň barha gerimi giňeýär. Geljekde dünýä bazarynda bäsleşige ukyply täze önümleri öndürmegi maksat edinýän kärhanamyzyň öz maksadyna ýetjekdigini ruhybelent işgärlerimiziň tutanýerli zähmeti bilen kepillendirýär

Hyzmatlar

RESIM ÄHLI ÝERDE

Biziň önümlerimiz ýurdumyzyň dürli söwda nokatlaryna amatly bahadan we tiz wagtda eltip bermek hyzmaty ýokary derejede üpjün edilen.

MÜŞDERILERIŇ ISLEGLERI

Müşderileriň isleglerine göra dürli uzynlykda, inlilikde we dürli reňklerde hem-de ýurdumyzdaky önüm öndürýän kärhanalaryň esasy isleglerine görä lentanyň ýüzüne haryt nyşanyny basyp bermek hyzmaty hem bar.

DAŞARY ÝURT HYZMATLARY

Daşary ýurt müşderilerimiziň ähli isleglerine görä önümlerimizi öndürüp bermek hyzmatymyz hem biziň uly işlerimiziň biridir

GAPLAMAK ISLERIMIZ

Biziň müşderlerimiziň islegini nazara alyp ýokary hilli kagyz gutylara resimiň islendik önümlerini ýerlesdirip müşderilere iň ygtybarly ýagdaýy döredip bermek biziň öňde goýýan uly maksatlarmyzyň biridir.

RESIMIŇ HILINE ÜNS

Yokary hilli önüm öndürüp halkymyza ýetirmek maksady bilen ýokary hilli çig mallary satýan iň ygtybarly daşary ýurt kompaniýalaryň gözlegine köp üns berilýär.

BIZIŇ UKYPLY HÜNÄRMENLERIMIZ

Bizde birnäçe işine ukyply halal zähmet çekýän hünärmenler bar. Olaryň iş şertleriniň döwrebap gurnalmagy barada ýygy-ýygydan aladalar edilýär.

Resim zynjyrdan-da ygtybarly

BIZIŇ SERTIFIKATLARYMYZ WE ÜSTÜNLIKLERIMIZ

HYZMATDAŞLARYMYZ